“Miras”teleýaýlymy bilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyň ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatyndan gelip çykýan netijeler hakynda söhbetdeşlik.

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen Döwlet maliýe institutynyň mugallymlary we “Miras”teleýaýlymy bilen bilelikde türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň guramaçylyk döwlet toparynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyň ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatyndan gelip çykýan netijeler hakynda söhbetdeşlik geçirildi.

       Söhbetdeşlikde çykyş edenler şu ýylyň 4-8-nji awgusty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň  Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçinji maslahatynyň çäklerinde geçiriljek çäreler barada çykyş etdiler. Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda öz ynsanperwer syýasaty bilen atlary dünýä dolan Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny,alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Miras”teleýaýlymy bilen BMG-niň …

Metbugat gullugy