Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirleri bölümi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasy bilen bilelikde Mukaddes Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlap “Garaşsyzlyk – ähli bagtyň gözbaşy” atly söhbetdeşlik.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Mukaddes Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlap “Garaşsyzlyk – ähli bagtyň gözbaşy” atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşliginizde Şanly Garaşsyzlyk ýylynda ýurdumyzyň ösüşleri ýetilen sebitler barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle-de söhbetdeşliginiziň çäginde “Gymmaty egsilmejek hazyna’- atly kitap sergisi hem gurnaldy. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaby “Ýaşlar–Watanyň daýanjy” atly kitabynda. ýaşlar barada şeýle belläp geçýär. Ýaşlar döwletimiziň kuwwady güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir.Ýaşlar türkmen halkynyň döwletlilik ýol-ýörelgesiniň mizemez mertebesidir, baky dowamatydyr.-diýip belläp geçýär. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Mukaddes Garaşsyzlygyň 34 …