Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli ýazgy edildi

Image description

Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli ýazgy edildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaphana işgärleri “Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli ýazgy etdiler. Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkymyzyň agzybirlikde, jebislikde şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuny uludan toýlaýandygyny buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem ýurdumyzyň dürli pudaklarynda bolşy ýaly kitaphanalarda hem şanly seneler,ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar mynasybetli döredijilik işgärleri bilen dabaralary, edebiýat agşamlaryny, söhbetdeşlikleri we ýerlerde göçme kitap sergilerini gurnaýandyklary, kitaphanamyzyň hazynasyny baýlaşdyrýan täze gelen neşirleri tanyşdyrmak maksady bilen okyjylaryň we kitaphanaçylaryň arasynda kitaphana synyny geçirýändikleri hakynda söhbet etdiler we bu çäreleriň esasy maksadynyň Garaşsyzlygyň bize eçilen miwelerini wagyz etmekden, ýaş nesilde Watana söýgi, milli buýsanç we kitaba hormat goýmak duýgularyny berkitmekden ybaratdygyny nygtadylar. Çykyşlarynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň mundan – buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 …

Metbugat gullugy