“Mukaddes Garaşsyzlyk-buýsanjymyz, bagtymyz’’ ady bilen söhbetdeşlik geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi “Mukaddes Garaşsyzlyk-buýsanjymyz, bagtymyz’’ ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler şanly Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde gazanylan taryhy ösüşler, biziň ykdysadyýetimiz bilen deň derejede ösýän milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ägirt uly ösüşleri hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Olar öz çykyşlarynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanmyzyň ähli pudaklarynyň ajaýyp ösüşler,ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň binagärlik derejesiniň ösüşleri hakynda hem giňişleýin durup geçdiler.

Söhbetleriniň ahyrynda çykyş edenler bize şu ajaýyp bagty beren türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Metbugat gullugy