“Müňýyllyklaryň ýany ” atly kitap sergisi.

Image description

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  2025-nji ýylda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”  diýip atlandyrylýan ýylymyzda  Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda gymmatly edebi mirasyny öwrenmeklige uly mümkinçilikler döredilýär.. Bu günki günde ösüp gelýän ýaş nesilere taryhymyzy- edebi mirasymyzy öwrenmäge ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň  Döwlet kitaphanasyň  Seýrek neşirler bölümi tarapyndan  bölümiň okalga zalynda Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň  gatnaşmagynda

“Müňýyllyklaryň ýany ”  atly kitap sergisi gurnaldy. Sergimizde Seýrek neşirler bölüminde bar bolan gadymy kitaplaryň sergisi gurnaldy. Sergimizede gatnaşan talyplarda uly täsir galdyrdy.  Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döretdi. Türkmen  halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna  hemişe  uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir. 

Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Müňýyllyklaryň ýany ” …

Metbugat gullugy