Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary gezelençde boldylar

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary gezelençde boldylar.

  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary kitaphanada gezelençde boldylar, hem-de olar okyjylara döwrebap hyzmat edilişi dogrusynda tanyş boldylar. Talyp ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar. Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Talyp ýaşlar  gezelenjiň ahyrynda özleri üçin döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Myrat Garryýew adyndaky …

Metbugat gullugy