Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary gezelenje geldiler

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary gezelenje geldiler.

 

      Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary bilen gezelenç gurnady.Talyplar kitaphana ýazylmagyň düzgünleri bilen tanyşdylar. Başga-da kitaphanadan peýdalanmaklygyň düzgünlerini öwrendiler. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda 17 bölümiň hereket edýändigini we olaryň alyp barýan işleri barada gürrüň berildi.

Gezelenjiň dowamynda hyzmat ediş bölüminiň işgärleri bilen talyplar kitapahana degişli birnäçe  sorag- jogap alyşdylar. Gezelenje gatnaşan talyplar halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

 

                                                                                                                                                     19.11.2025ý.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Myrat Garryýew adyndaky …

Metbugat gullugy