“Nesil terbiýesi mukaddesdir” ady bilen körpejeleriň arasynda sesli okaýyş çäresi, söhbetdeşlik geçirildi we kitap sergisi gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi, Aşgabat şäherinde ýerleşýän 60-njy çagalar bagynda “Nesil terbiýesi mukaddesdir” ady bilen körpejeleriň arasynda sesli okaýyş çäresi, söhbetdeşlik geçirildi we kitap sergisi gurnaldy.

      Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda  ýaş nesilleri ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmek, olaryň dünýä ylymlaryna  çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmak  esasy üns merkezine öwrüldi. Türkmenistanda kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi Aşgabat şäherinde ýerleşýän 60-njy çagalar bagynda “Nesil terbiýesi mukaddesdir” ady bilen körpejeleriň arasynda  sesli okaýyş çäresi, söhbetdeşlikler geçirildi we kitap sergisi gurnaldy.

      Kitaphana işgärleri ýaş nesilleriň arasynda watansöýüjilik hakynda, terbiýe hakynda, kitaba bolan söýgi temasynda giňişleýin wagyz etdiler. Kitap sergisindäki ýerleşdirilen kitaplar bolsa körpejeleriň ünsüni özüne çekdi. Guralan söhbetdeşligiň  ahyrynda bizi şeýle ajaýyp durmuşda ýaşadýan Berkarar diýarymyzy jenneti mekana öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleri  uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Nesil terbiýesi mukaddesdir” …

Metbugat gullugy