"Nesil terbiýesi mukaddesdir"
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi Aşgabat şäheriniň 33-nji çagalar bagynda "Nesil terbiýesi mukaddesdir" atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisi geçirildi. Çagalar bagynda geçirilen çeper okaýyş we göçme sergi ýaş nesilleriň her birinde kitaba bolan söýgüni döretdi. Çagalaryň edepli-ekramly bolmagy üçin kitap okamaklygyň uly ähmiýeti bardyr. Şeýle ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: "Nesil terbiýesi mukaddesdir"