Neşirleri toplaýyş bölümi kitaphana täze gelen neşirlere bagyşlap kitaphana synyny geçirdi

Image description

 Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi kitaphana täze gelen neşirlere bagyşlap kitaphana syny geçirildi.

   Kitaphana synynda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň   we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitaby bilen tanyşdyrdylar. Kitapda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlar giňden beýan edilendigini nygtadylar. Kitabyň 9 bölümden ybarat bolup, türkmen, iňlis we rus dillerinde ýokary çaphana   usulynda neşir edilendigini beýan etdiler.

      Kitaphana synyna gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, halk bähbidi üçin işleýän galamynyň ýiti bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Neşirleri toplaýyş bölümi …

Metbugat gullugy