Neşirleri toplaýyş bölümi kitaphana täze gelen neşirlere kitaphana synyny geçirdi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi kitaphana täze gelen neşirlere  kitaphana synyny geçirdi.

       Kitaphana synynda çykyş edenler “Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy: parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitaby bilen tanyş etdiler. Bu kitapda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň agzybir kärdeşleriniň Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda ýetilen sepgitler, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet ähmiýetli işleri, Watanymyzyň ösüşli ýoly, baky Bitaraplygymyzyň  waspy çeper sözler arkaly inçeden beýan edilýändigini belläp geçdiler. Bu makalalar ýygyndysynda türkmen, rus, iňlis dillerinde ýazylan makalalar ýerleşdirilendigini buýsanç bilen nygtadylar.    

         Şeýle-de Döwlet kitaphanasyna sowgat berlen Zuhra Rahimowanyň “ХV-ХVII asyrda Orta Aziýanyň miniatýurasy” atly kitaby bilen tanyşdylar. Kitapda ХV-ХVII asyryň miniatýuraçylaryň şekillendiriş sungaty barada giňişleýin beýan edilýändini bellap geçdiler. Buharanyň we Samarkandyň mawerennahr mekdebiniň görnükli on sany miniatýuraçylaryň döredijiliginiň görkezilendigini beýan etdiler.

        Kitaphana synyna gatnaşanlar döwletimizde ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan ajaýyp üstünlikler, ylmyň ösmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän  Gahryman Arkadagymyzyň,  hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Neşirleri toplaýyş bölümi …

Metbugat gullugy