Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.
Kitaphana synynda çykyş edenler Saparberdi Çaryýewiň Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 2025-nji ýylda çap edilen “Annagylyç Mätäji – lirikanyň ussady” atly kitaby bilen tanyş etdiler. Kitapda ХIХ asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri Annagylyç Mätäjiniň şygryýetiniň mysalynda edebiýatda Magtymguly Pyragynyň şygryýetiniň edebi däpleriniň mynasyp dowam etdirilişine, onuň halkylyk, millilik häsiýetleriniň ösdürilişine, edebiýatyň halk durmuşyna golaýlaşmagynyň edebi-taryhy esaslaryna seljerme berilýändigini beýan etdiler. Şeýle-de tehniki ylymlaryň kandidaty Amanberdi Japarowyň Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 2025-nji ýylda çap edilen “Köňüller çemeni”atly kitaby bilen hem tanyş etdiler.
Kitaphana synyna gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň medeni mirasyny öwrenmek hem-de ýaýratmak ugrunda ägrit uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Neşirleri toplaýyş bölümine …