Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi

Image description

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan    edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.

      Kitaphana synynda çykyş edenler Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleri  B.Hudaýnazarowyň “Saýlanan goşgular”, K. Gurbannepesowyň “Goşgular”, G. Ezizowyň “Goşgular” atly kitaplary bilen tanyşdyrdylar.  Türkmen halkynyň söýüp okaýan şahyrlarynyň kitaplaryna saýlanan goşgularynyň girizilendigini beýan etdiler. Ynsan mertebesi,halallyk, Watan, tebigat, söýgi hakda ýazylan şygyrlary okan her bir ynsanyň ruhy lezzet aljakdygyny aýratyn belläp geçdiler. Şeýle-de “Döwrebap bilim: milli miras we innowasion tehnalogiýalar” atly kitap bilen hem tanyşdyrdylar. Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlarynyň  Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan ýygynda yokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor- mugallymlarynyň, hünärmenleriň, aspirantlaryň, doktorantlaryň, alymlyk derejelerine dalaşgärleriň ylmy makalalary ýerleşdirilendigini beýan etdiler.

       Kitaphana synyna gatnaşanlar ýaş nesle döwrebap ylym-bilim bermekde, hünär öwretmekde uly-uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

 

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Neşirleri toplaýyş bölümine …

Metbugat gullugy