Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.

     Kitaphana synynda çykyş edenler Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen A. Annaberdiýewiň “Men oba oglany”, Ç. Annaberdiýewanyň “Şahyryň gyzy”atly kitaplary bilen tanyş etdiler. Şahyrlaryň goşgularynda Watana, ene topraga, adamlara, ýaşaýşa, tebigat gözelliklerine bolan söýgi inçelik bilen beýan edilýändigini nygtap geçdiler. Şeýle-de A. Hemidowyň “Ruhy ahwal” atly hekaýalar kitaby bilen hem tanyşdyrdylar. Bu kitap ýazyjynyň durmuşa, dünýä, adamzada bolan “ruhy ahwalynyň” şöhlelenmesidigini, her bir eser durmuşy wakalaryň jümmüşinden gözbaş alýandygyny beýan etdiler. Şeýle-de kitaphanaçylary  G. Annasähedowyň “Düýe çopanyň ogly” atly ertekiler kitaby, “Pyragynyň dosty” atly kitaby bilen hem tanyşdyrdylar.

      Kitaphana synyna gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Neşirleri toplaýyş bölümine …

Metbugat gullugy