Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.
Kitaphana synynda çykyş edenler Moskwada rus dilinde çap edilen “Актеры отечественного кино” atly 4 jiltlik ensiklopedik kitaplary bilen tanyş etdiler. Bu ensiklopediýa 1908-nji ýyldan häzirki wagta çenli döwürde düşürilen Russiýanyň kinosynyň aktýorlary baradaky maglumatlary öz içine alýan ilkinji şeýle görnüşdäki düýpli işdigini beýan etdiler. Kitapda ýüzlerçe aktýor we olaryň garyndaşlary bilen söhbetdeşlik geçirilip, ozal anyklaýyş edebiýatlarynda çap edilmedik köp sanly eksklýuziw aktýor biografiýalary toplanyp, ähli anyk maglumatlar aktýoryň jikme-jik filmografiýasy we suraty bilen bilelikde elipbiý tertibinde ýerleşdirilendigini mälim etdiler. Kitaba russiýaly aktýorlar bilen bir hatarda, öňki soýuz respublikalarynyň ählisiniň aktiýorlary hem girizilendigini beýan etdiler. Kitapda tanymal türkmen kinoaktýorlarynyň A.Garlyýewiň, S.Myradowanyň. S.Durdyýewiň, H.Müllükowyň we ş.m. biografiýalarynyň bardygy buýsanç bilen belläp geçdiler.
Kitaphana synynyň ahyrynda çykyş edenler Watan, il-halk üçin uly tagallalary edýän Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adamzadyň eşretli ertirlerini döwletli tutumlarynyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Neşirleri toplaýyş bölümine …