Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölüminiň kitaphana täze gelen neşirlere bagyşlap kitaphana syny geçirildi.
Kitaphana synynda çykyş edenler Russiýadan gelen 2025-nji ýylda Moskwada çap edilen “Форм плюс” atly žurnal bilen tanyşdyrdylar. Žurnalda GDA döwletleriniň medeniýetini, sungatyny, taryhyny, şu günki durmuşy baradaky makalalaryň ýerleşdirilendigini beýan etdiler. Žurnalyň 11-nji sahypasynda ýerleşdirilen “Türkmeniň bilbili” atly makala bilen tanyşdyrdylar. Makalada Moskwada geçirilen Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” atly festiwalyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewanyň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirilendigini buýsanç bilen aýtdylar. Şeýle-de çykyş edenler GDA döwletleri bilen dostana gatnaşyklar, goňşy halklaryň taryhy, baý medeni mirasy, ruhy gymmatlyklary baradaky neşirler kitaphanamyzyň gaznasyny, okyjylarymyzyň pikirini baýlaşdyrmaga öz oňyn täsirini ýetirýändigini belläp geçdiler.
Kitaphana synynyň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Neşirleri toplaýyş bölüminiň …