Kitaphana synynda çykyş edenler 2025-nji ýylda Türkmen Döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen Ýazmyrat Mämmediniň “Beýik seljukly” atly romanynyň üçinji kitaby bilen tanyşdyrdylar. Romanda Seljukly döwletiniň Beýik gurultaý tarapyndan wezipeleşdirilişi, Çagry begiň, Togrul begiň, soltan Alp Arslanyň gazanan taryhy ýeňişleri çeper beýan edilendigini beýan etdiler.
Şeýle-de Hasan Ýylmazyň “Şu kitaby okap görüň, mugallym” atly kitaby bilen hem tanyşdyrdylar. Kitapda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýeläp ýetişdirmegiň we okatmagyň usulyýeti , ýaş nesliň mugallymlara bolan ynamy, mugallymlaryň okuwçylardan garaşýan oňyn netijeleri hem-de ata-eneler bilen çaga terbiýesini ikitaraplaýyn ýöretmelidigi baradaky pikirler beýan edilendigini kitaphana synynda çykyş edenler belläp geçdiler.
Kitaphana synyna gatnaşyjylar ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Neşirleri toplaýyş bölüminiň …