Neşirleri toplaýyş bölüminiň kitaphana täze gelen neşirlere bagyşlap kitaphana syny

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölüminiň kitaphana täze gelen neşirlere bagyşlap kitaphana  syny geçirildi.

     Kitaphana synynda çykyş edenler 2025-ýylda “Ylym” neşirýaty tarapyndan çap edilen Orazgözel Utomyşewanyň “Heýkeltaraşlyk we plastiki modelirlemek” atly kitaby bilen tanyşdyrdylar. Bu okuw gollanmada heýkeltaraşlyk sungatynyň esaslary, manysy, görnüşleri, heýkeli döretmegiň usuly, ulanylýan serişdeleri, ýerine ýetirmek üçin peýdalanylýan gurallar barada maglumatlar berilýändigini beýan etdiler. Şeýle-de Jumageldi Amangeldiýewiň “Dizaýn taslamasy” atly kitaby bilen hem tanyşdyrdylar. Tejribe toplaýan dizaýnerler üçin niýetlenen okuw kitabynda dizaýn taslamasynyň häsiýetiniň dizaýnyň grafiki, senagat, egin-eşik, daşky gurşaw ýaly görnüşlerinden gelip çykyşy seljerilýandigini belläp geçdiler. Alym Salyhowyň “Gadymy Gündogar filosofiýasy” atly kitaby bilen hem tanyşdyrdylar.Okuw kitabynda Gadymy Gündogar filosofiýasynyň mazmuny, ýerine ýetirýän hyzmatlary barada giňişleýin maglumatlar berilýändigini beýan etdiler.

      Kitaphana synynyň ahyrynda çykyş edenler halkymyzyň ylym-bilim ulgamynyň işgärlerine işlemek, döretmek, ylmy işleri taýýarlamak üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän  Gahryman Arkadagymyzyň,  hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Neşirleri toplaýyş bölüminiň …

Metbugat gullugy