“Nowruz geldi ilime” atly kitap sergisi gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Nowruz geldi ilime” atly kitap sergisi gurnaldy.

Nowruz baýramy – gündogar halklarynyň iň gadymy baýramlarynyň biridir. Bu baýram ýaz paslynyň gelmegini, tebigatyň täzelenmegini we täze ýylyň başlanmagyny aňladýar. Nowruz baýramy müňlerçe ýyllardan bäri dürli halklaryň arasynda bellenilip gelýär we dostlugyň, parahatçylygyň hem-de agzybirligiň baýramy diýlip hasaplanýar.

Nowruz diňe bir baýram diýlip hasaplanman, eýsem täze başlangyçlaryň, ýagşy umytlaryň we bagtyýar durmuşyň nyşany bolup durýar. Şonuň üçin Nowruz baýramy halklaryň arasynda aýratyn hormat bilen garşy alnyp, giňden bellenilýär.

      Häzirki wagtda ylymy, bilimi ösdürmekde ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il – ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Nowruz geldi ilime” …

Metbugat gullugy