“Nowruz - täzelenşiň hem dost-doganlygyň baýramy”
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi hem-de Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi bilen Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebinde “Nowruz - täzelenşiň hem dost-doganlygyň baýramy” atly göçme kitap sergisi gurnaldy.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, “Dünýäniň birnäçe halklary bilen birlikde, türkmen halky hem gadymy döwürlerden bäri Nowruz baýramyny giňden belleýär”. Nowruz baýramy bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän däp-dessurlar dünýä halklarynyň arasynda parahatçylyga, dost-doganlyga esaslanýan hoşniýetli gatnaşyklaryň binýadyny berkidýär. Bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip bagtyýar ulus-ilimiz Milli bahar baýramyna Halkara Nowruz gününe aýratyn, ähmiýet berip, ony uly joşgun, ruhybelentlik bilen belleýär.
Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanyp gurnalan göçme kitap sergisine kitaphananyň işgärleri hem-de mugallymlardyr, okuwçylar işjeň gatnaşdylar we olarda uly gyzyklanma döretdi.
Bizi toýlary toýa ulaşýan zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Nowruz - täzelenşiň …