“Nurana geljegi gurujylar” ady bilen çeper okaýyş geçirildi

Image description

“Nurana geljegi gurujylar” ady bilen çeper okaýyş geçirildi.

  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 86-njy çagalar bakja-bagynda “Nurana geljegi gurujylar” atly körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekilerden çeper okaýyş geçirdiler. Ýurdumyzda körpe nesliň asylly terbiýe almagy, geljekde ata Watanymyza, il-günümize wepaly bolup ýetişmegi üçin “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Çeper okaýyşda çagalary gyzyklandyrýan türkmen halk ertekileriniň gahrymanlary bilen tanyşdyryldy. Bakja–bagyndaky çagalar okap berlen ertekileri ünsli diňläp özlerinde täsir galdyran gahrymanlary gyzyklanma bilen sorag-jogap alyşdylar. Bu bolsa çagalarda uly täsir galdyrdy, olarda kitaba bolan söýgüni has-da  artdyrdy.

   Şeýle-de geçirilen çeper okaýyşyň çäginde göçme kitap sergisi hem gurnaldy. Kitap sergisi ýaş nesliň her birinde kitaba bolan düşünjäni artdyrdy. Şeýle-de çagalara, kitap okan çaganyň jemgyýetde öz ornuny tapyp, kämil şahsyýet bolup ýetişmegi üçin ýol-ýörelgedigi hakynda giňden maglumatlar berildi. Bagtyýar nesillerimizi milli ruhda terbiýelemäge uly mümkinçilikler döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri mydama rowaçlyklara beslensin!

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Nurana geljegi gurujylar” …

Metbugat gullugy