“Nusgalyk edebiýatymyzda milli terbiýe” ady bilen çeper okaýyş we göçme kitap sergisi gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi  Aşgabat şäherinde ýerleşýän 67-nji çagalar bakja-bagynda “Nusgalyk edebiýatymyzda milli terbiýe” ady bilen çeper okaýyş we göçme kitap sergisi gurnaldy.

  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 67-nji çagalar bakja-bagynda “Nusgalyk edebiýatymyzda milli terbiýe” atly körpeje çagalaryň arasynda çeper okaýyş we göçme kitap sergisi geçirildi. Çeper okaýyşda çagalar üçin niýetlenen ertekilerden  labyzly okap berdiler. Çagalara ertekileri okap bermegi olarda has-da gyzyklanma döredi. Bakja – bagyndaky çagalar okap berlen ertekileri ünsi diňläp özlerinde täsir galdyran gahrymanlary gyzyklanma bilen sorag jogap alyşdylar. Söhbetdeşlikde çagalary gyzyklandyrýan türkmen halk ertekilerinde giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle-de söhbetdeşligiň çäginde Döwlet kitaphanasynyň baý gaznasynda bar bolan çagalar degişli kitaplaryndan göçme kitap sergi hem gurnaldy. Kitaphana işgärleri tarapyndan türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap berdiler we ertekilerdäki gahrymanlaryň edermenligi hakynda gürrüň berdiler bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgini has-da  artdyrdy.Şeýle-de edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen,  halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Nusgalyk edebiýatymyzda milli …

Metbugat gullugy