Nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinde gyz-gelinlerimiziň waspy

Image description

Nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinde gyz-gelinlerimiziň waspy

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi “Nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinde gyz-gelinlerimiziň waspy” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem, Gahryman Arkadagymyz bagtyýar türkmen zenanlaryna täze döwrümize öwüşgin çaýýan eşretli ýaşaýşy bagş edip, olaryň durmuşymyzda, göwünlerimizde, şeýle hem milli kanunçylyk namalarynda orun alan azat-erkinlik, deňhukuklylyk derejesini pugtalandyrdy. Mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak, edep-ekramyna, durmuş ýörelgelerine aýratyn söýgi we hormat bilen garamak müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiziň biridir.

Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň, Seýitnazar Seýdiniň, Gurbandurdy Zeliliniň döredijiliginde gyz-gelinlerimizi wasp edişi hakynda şeýle-de öwüt-ündew häsiýetli, terbiýeçilige çagyrýan goşgularyndan mysallar getirildi. Şol pursatda nusgawy şahyrlaryň şygyrlaryna düzülen aýdymlar diňledildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligini giňden öwrenmäge hem-de beýik şahsyýet hökmünde dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini söhbetdeşlige gatnaşan işgärler arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinde …

Metbugat gullugy