“Oguzlaň kelamy, türkmen halysy” ady bilen baýramçylyk duşuşygy

Image description

         Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Oba hojalyk edebiýatlary hem-de Medeni-köpçülik işleri bölümi “Aşgabat“ teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmen halysynyň baýramyna “Oguzlaň kelamy, türkmen halysy” ady bilen baýramçylyk duşuşygyny geçirdi.

        Bu baýramçylyk duşuşygynda çykyş eden myhmanlarymyz, türkmen halylarymyzyň şan-şöhratyny tutuş dünýä  belli edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  edýän taýsyz tagallalary barada giňişleýin gürrüňleri berdiler.

      Bizi şular ýaly ajaýyp  bagtyýar durmuşda  ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli  beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Oguzlaň kelamy, türkmen …

Metbugat gullugy