“Okyjylara guralýan döwrebap hyzmat we bölümiň iş aýratynlyklary hakynda” ýazgy edildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan” ugur alyp, “Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde kitaphanada okyjylara guralýan döwrebap hyzmat we bölümiň iş aýratynlyklary hakynda ýazgy edildi. Kitaphana hünärmeni ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesli kitap okamaga çekmekde, kitaphana gelýän okyjylaryň isleg bildirýän kitaplaryny diňe bir katalog we kartotekalaryň üsti bilen däl, eýsem elektron katalogyň üsti bilen tapyp bermekde uly işleriň alnyp barylýandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdi.
Söhbediniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny ynamly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlar bilen bir hatarda kitaphana ulgamyny ösdürmekde uly mümkinçilikleri döredip berýänligi üçin alkyş sözlerini aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Okyjylara guralýan döwrebap …