“Öňe, öňe, diňe öňe jan Watanym Türkmenistan!” atly dabara geçirildi

Image description

“Öňe, öňe, diňe öňe jan Watanym Türkmenistan!” atly dabara geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi tarapyndan Watanymyzyň rowaçlyklaryny wasp etmek maksady bilen “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan” atly dabara geçirildi. Dabarada çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda  ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligini, hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara derejesinde ykrar edilendigini, türkmen halkynyň belent maksatlaryny  we ösüş ýolundaky ynamyny özünde jemleýändigi hakynda, şeýle hem behişdi bedewlerimiziň türkmen halkynyň milli buýsanjynyň, gaýratynyň we ösüşe okgunlygynyň nyşany hökmünde şöhlelendirilýändigi hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Dabaranyň ahyrynda çykyş edenler ýurdumyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Öňe, öňe, diňe …

Metbugat gullugy