“Ornuňyz tördedir sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Image description

“Ornuňyz tördedir sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Zenanlar guramasynyň,Türkmenistanyň Zenanlar  birleşiginiň merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň, Merkeziň Zenanlar guramasy bilen bilelikde “Ornuňyz tördedir sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede ene-mamalarymyzdan gelýän millilikleri ýaş gyz-gelinlerimize öwretmeklik, ene-atasyndan alýan edep terbiýesi, görüm-göreldesi, enäniň we çaganyň saglygyny goramakda ýerine ýetirilýän işler dogrusynda täsirli söhbet etdiler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenanlarymyza goýulýan sylag-sarpasy, döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ornuňyz tördedir sarpaňyz …

Metbugat gullugy