 
                            Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi,Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň ilkinji zenanlar guramalary bilen bilelikde “Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş eden bagtyýar zenanlar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli aladalary netijesinde ýokary derejede durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty,zenanlaryň hukuklary,ýaş zenanlar üçin döwlet goldawy,maşgala mukaddesligini goramaklyk, ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimiz, zenanlaryň görküne görk goşýan bezegli şaý- sepler,türkmen gelin gyzlarynyň çeper ellerinden çykýan dünýä gymmatlygy hasaplanýan nepis halylary we keşdeleri ýaş nesillere ýetirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak, milli däp-dessurlarymyz, ruhy gymmatlygymyz, zenanlaryň ukyp başarnygyna görä durmuş-ykdysady ösüşlerinde goşýan goşantlary barada täsirli gürrüňler edildi.
“Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys” diýen parasatly ýörelgesi bilen bagtyýar nesilleriň kemala gelmeginde maşgala ojaklarymyzyň bereketli we bagtyýar bolmagynda ägirt uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri üstünliklere beslensin.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ösüşlere beslenen parahat, …