“Ösüşleriň belentliklerine beslenen parahat,asuda döwrüniň buýsançly zenanlary” atly aýdym –sazly dabaraly maslahat

Image description

“Ösüşleriň belentliklerine beslenen parahat,asuda döwrüniň buýsançly zenanlary” atly aýdym –sazly dabaraly maslahat.

Türkmenistanyň Zenanalar birleşiginiň Merkezi Geňeşi,Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi,”Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy,Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde “Ösüşleriň belentliklerine beslenen parahat,asuda döwrüniň buýsançly zenanlary” atly aýdym –sazly dabaraly maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş eden bagtyýar zenanlar  Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli aladalary netijesinde ýokary derejede durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty,zenanlaryň hukuklary,ýaş zenanlar üçin döwlet goldawy,maşgala mukaddesligini goramaklyk,ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimiz, zenanlaryň görküne görk goşýan bezegli şaý- sepler,türkmen gelin gyzlarynyň çeper ellerinden çykýan dünýä gymmatlygy hasaplanýan nepis halylary we keşdeleri ýaş nesillere ýetirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak, milli däp-dessurlarymyz, ruhy gymmatlygymyz, zenanlaryň ukyp başarnygyna görä durmuş-ykdysady ösüşlerinde goşýan goşantlary barada täsirli gürrüňler edildi.

“Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys” diýen parasatly ýörelgesi bilen bagtyýar nesilleriň kemala gelmeginde maşgala ojaklarymyzyň bereketli we bagtyýar bolmagynda ägirt uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri üstünliklere beslensin.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ösüşleriň belentliklerine beslenen …

Metbugat gullugy