ÖSÜŞLERIŇ ÝOLY BILEN: ÝAŞLYK, DÖREDIJILIK WE GARAŞSYZLYGYŇ MIZEMEZ RUHY

Image description

ÖSÜŞLERIŇ ÝOLY BILEN: ÝAŞLYK, DÖREDIJILIK WE GARAŞSYZLYGYŇ MIZEMEZ RUHY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi hem-de “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda “Ösüşleriň ýoly bilen” atly söhbetdeşlikde “Aşgabat” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilen bu duşuşykda paýtagtymyzyň ýaşlarynyň döredijilik başarnyklaryny, ylymda, sportda we jemgyýetçilik işlerinde gazanýan üstünliklerini giňden açyp görkezdi. Şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününiň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy toýlanýan döwrüne gabat gelmegi çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Garaşsyzlyk – bu bize bagtly geljegi, bilim almaga, zähmet çekmäge we döretmäge berlen tükeniksiz mümkinçilikleri peşgeş beren mukaddeslikdir.

  Duşuşygyň dowamynda çykyş eden ýaşlar ylym-bilim ulgamynda döwletimiz tarapyndan döredilýän şertler üçin çuňňur buýsanç sözlerini beýan etdiler. Häzirki wagtda öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirýän, dünýä dillerini erkin başarnykly, ata Watanymyzyň abraýyny ýokary göterýän ýaşlaryň gatnaşmagyndaky bu söhbetdeşlik hakyky döredijilik we pikir alyşma meýdançasyna öwrüldi.

  “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” seýilgähiniň ýaşyl baglarynyň arasynda ýaňlanan bu söhbetdeşlik ýaşlaryň diňe bir güýç-gaýratyny däl, eýsem olaryň ertirki güne bolan ynamyny hem açyp görkezdi.

  Şular ýaly ajaýyp  bagtyýar durmuşda  ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli  beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: ÖSÜŞLERIŇ ÝOLY BILEN: …

Metbugat gullugy