“Owazasy arşa dolan bedewler” atly tegelek stoluň başynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Image description

“Owazasy arşa dolan bedewler” atly tegelek stoluň başynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy we Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimligi bilen bilelikde gurnamagynda “Owazasy arşa dolan bedewler” atly tegelek stoluň başynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. ”Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde geçirilen çärede çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşikleriniň üstünlikli geçirilmegi dogrusynda täsirli söhbet etdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň Niderland dilinde çap edilen “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy dogrusynda söhbet etdiler. Şeýle hem Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan behişdi bedewlerimiziň waspyny ýetirýän “Bedew ösüşleriň nyşany” atly giňişleýin kitap sergisi gurnaldy. Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzy dünýä ýüzüne tanatmakda uly işleri uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Owazasy arşa dolan …

Metbugat gullugy