Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Merkezi Aziýada ruhy mirasy we aň-bilimi ýaýratmak” atly Halkara maslahaty

Image description

Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Merkezi Aziýada ruhy mirasy

 we aň-bilimi ýaýratmak” atly Halkara maslahaty

     Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa: umumy ruhy-medeni miras-umumy-geljek” atly halkara kongressiýa gatnaşdy. Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Merkezi Aziýada ruhy mirasy we aň-bilimi ýaýratmak” atly Halkara maslahaty geçirildi. Halkara maslahatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ruhy baýlyklarynyň we medeniýetleriň arasyndaky dialogy ösdürmekligiň we ynsanperwer gatnaşyklaryny berkitmekligiň sebitara umumylygynyň we durnukly ösüşiniň wajyp esaslaryny düzýänligini gözkezmek, Özbegistanda ylym, bilim we medeniýet ugrunda geçirilýän özgertmeleri, şeýle hem ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň sebitara gatnaşyklaryna täsirini  görkezmäge uly ýardam eder. Yslam siwilizasiýasynyň Merkezinde “Bir geçmiş-umumy geljek” ady bilen kitap sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Dabaranyň çäginde “Merkezi Aziýa kitaphanaçylarynyň ýoly” ady bilen forum geçirildi. Bu foruma Merkezi Aziýa döwletleriniň kitaphana ýolbaşçylary şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy gatnaşyp, özüniň “Kitap- döwletleri birleşdirýär” temasy bilen çykyş edip, sanly ulgamyň üsti bilen kitaphanalarda alnyp barylýan işler dogrusynda özara iş tejribelerini alyşdylar. Şunuň ýalyda dabaranyň çäginde “Merkezi Aziýanyň taryhy mirasy: bitewi geçmiş- umumy geljek” atly taryhçylaryň forumy, “Merkezi Aziýa : beýik geçmiş we beýik geljek” atly sergisi, “Janly taryh” halkara kinoforumy “Ýaşlar we sanly döwür: gadymy golýazmalardan emeli aňa çenli” atly bölümçeler işledi.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Özbegistan Respublikasynyň Daşkent …

Metbugat gullugy