Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Alimow gezelençde boldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Alimow gezelençde boldy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna myhmançylyga gelen Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Alimow, duz-çörek bilen garşy alynyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özbek dilinde terjime edilen eserleriniň sergisi bilen tanyş boldy.Soňra Rawşanbek Alimow kitaphana gezelenç etdi we “Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlary” bölüminde ýerleşdirilen Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary ýurt dillerinde terjime edilen eserleri bilen tanyş bolup, soňra “Seýrek neşirler” bölüminde ýerleşdirilen seýrek duş gelýän gadymy kitaplar, ilkinji döredilen neşir önümleri bilen tanyş boldy. Gezelenjiň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky  Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi  Rawşanbek Alimow bilen Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy bilen Özbegistan Respublikasynda täze şäherinde gurulýan 2027-nji ýylda açyljak täze kitaphanasynda Döwlet kitaphanasy bilen özbek dilindäki kitaplary alyşmak boýunça söhbet edildi.Söhbetdeşligiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda Göwheri” eseriniň ýaňy ýakynda özbek dilinde tanyşdyrylyş dabarasy geçirilendigini habar berdi we golaýda kitaby kitaphanamyza sowgat berjegini mälim etdi. Şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Alimow, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna Göroglynyň poemasyny özbek dilinde terjime edilen kitabyny sowgat berdi.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky …

Metbugat gullugy