“Pähimler we nakyllar” hakynda söhbet.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde kitaphanaçylar türkmen nakyllarynyň käbirlerine düşündiriş berdiler. Türkmen halk nakyllary- asyrlaryň dowamynda pederlerimiziň durmuş tejribesinden, pähim-paýhasyndan dörän gysga we çuňňur manyly durnukly söz düzümleridir. Olar geljekki nesilleri terbiýelemekde, olara durmuş ýoluny görkezmekde we halkyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda uly terbiýeçilik ähmiýetine eýedir. Türkmen nakyllarynyň iň baý ýygyndysy Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen “Paýhas çeşmesi” kitabynda jemlenendir. Bu nakyllar dürli ugurlar boýunça bolup, ösüp gelýän ýaş neslimizi terbiýelemekde ähmiýeti örän uludyr. Ine şular dogrusynda çykyş edenler söhbet etdiler. Maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, alyp barýan döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Pähimler we nakyllar” …