Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işler bölümi ”Parahatçylygyň ýoly-ösüşiň ýoly”ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz dünýä ýurtlary we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy barha ösdürýär.Eziz Diýarymyz dünýäde parahatçylygyň mekany,ösüşiň we rowaçlygyň ýurdy hökmünde tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işler durmuşa geçirilýär.Şonuň netijesinde hem bu günki günde hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraý-mertebesi has-da belent derejelere mynasyp bolýar. Hemişelik Bitaraplyk syýasatyny ýöredýän ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň,dostlugyň,ösüşiň berkarar bolmagy ugrunda tagallalary birleşdirýän döwlet, dünýäni parahatçylyga çagyrýan,adamzady ynanyşmaga ugrukdyrýan ýurt hökmünde tanalýar diýip,uly buýsanç bilen belläp geçdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: ”Parahatçylygyň ýoly-ösüşiň ýoly”ady …