Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp “Parahatçylyk-baky bagtyň şuglasy!”ady bilen baýramçylyk dabarasyny geçirdi.
Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler şu günler hemişelik Halkara Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilýän dürli dabaralar,döredijilik we duşuşyk agşamlary şeýle hem geçen 30 ýylyň içinde Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan watanymyzyň halkara derejesinde ýeten sepgitleri,ajaýyp ösüşleri hakynda giňişleýin söhbet etdiler.Soňra olar Gahryman Arkadagymyzyň,hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan hoşniýetli, ynsanperwer syýasatynyň dünýäde giň gerim alýandygyny öz söhbetlerinde nygtamak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak,beýik işleriniň mundan buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Baýramçylyk dabarasynyň çäklerinde “Bitaraplyk-umumadamzat gymmatlygy “ady bilen giňişleýin kitap sergisi guraldy.Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň,ýazan gymmatly kitaplary şeýle hem hemişelik Bitaraplygymyz hakynda ýazylan dürli edebiýatlar goýuldy.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Parahatçylyk-baky bagtyň şuglasy!”ady …