Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasy bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” -atly kitapdan tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has takygy, Ýurdumyzda bellenip geçilýän 2025- nji ýyly “ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ” diýip atlandyrylýan ýylymyzda Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaby “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” -atly kitapdan tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” -atly ajaýyp kitabynda: –şeýle diýär. Sungatyň güýji we parahatçylygy döretmek, milli ruh we halk häsiýeti baradaky bu pikir öwürmeleriň nämä geregi bar? Haýsy nokatda olar bitewi bir garaýşy, hadysany ýa-da maksady kemala getirýär?- diýip, okyjy adalatly sorag berip biler, diýip belläp geçýär. Söhbetdeşligiň çäginde Döwlet kitaphanasynyň baý gaznasyndan kitap sergi hem gurnaldy.
Şeýle-de edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Parahatçylyk sazy, dostluk, …