Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli, “Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym” ady bilen göçme kitap sergisini gurnady. Bu kitap sergisine Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri, mundan başga-da parahatçylyk, Bitaraplyk temasyndan edebiýatlar hem ýerleşdirildi. Kitap sergisini gören talyplardyr mugallymlar, uly gyzyklanma bilen kitaplary eline alyp gördüler. Sergä gelen talyplardyr-mugallymlar özlerine gerek bolan maglumatlary hem tapdylar.
Bizi şular ýaly ajaýyp, bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Parahatdyr Diýarym, eziz …