“Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym” ady bilen göçme sergisi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi  Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde ”Halkara parahatçylyk we ynanyşmak “ ýyly mynasybetli “Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym” ady bilen göçme kitap sergisini gurnady.

    Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri, şeýle-de parahatçylyk hem-de Bitaraplyk baradaky edebiýatlar ýerleşdirildi. Kitap sergisini görmäge gelen mugallymlardyr-talyplar, özlerine gerek bolan maglumatlaryny tapyp bildiler. Mugallymlar hem talyplar bu sergini görüp örän hoşal boldular.

        Bizi şular ýaly ajaýyp  bagtyýar durmuşda  ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli  beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Parahatdyr Diýarym, eziz …

Metbugat gullugy