“Parahatlyk - görki dünýäň, paýhasynda Garaşsyzlyk!” atly söhbetdeşlik.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi “Parahatlyk- görki dünýäň, paýhasynda Garaşsyzlyk!” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna bagyşlap özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etmek bilen bu gün dünýäde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan atly beýik döwleti bar, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan- bu döwlet, hakykatdan-da, gülläp ösýän, adamzadyň ýagşylyk nuruny saçýan beýik döwletdir diýip, özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň agzybirligini, özbaşdaklygyny, ata-babalarymyzyň döwletlilik we döwletliligiň ýol-ýörelgesini üpjün etmeklik barada gürrüň etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny ýagty geljege sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Parahatlyk - görki …