Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Ýaş nesli okatmagyň we terbiýelemegiň tejribesinden (fizika, matematika we beýleki dersleri okatmagyň mysalynda)” atly kitaba kitaphana syny

Image description

Bu ylmy-usuly monografiýada ýurdumyzyň umumybilim, orta we ýokary hünär bilimi edaralarynda baý mugallymçylyk iş tejribesini toplan, ýaş nesle ýokary hilli, döwrebap bilim we terbiýe bermekde döredijilikli zähmet çekip, okatmagyň häzirki zaman ýokary netijeli usullsryny milli pedagogikanyň gymmatly hazynasy bilen sazlaşykly peýdalanmagy başarýan öňdebaryjy pedagoglaryň iş usullarynyň aýratynlyklary barada söhbet edilýär. Şeýle hem, Türkmenistanda ylmyň dürli pudaklaryny ösdürmäge önjeýli goşantlaryny goşup, öz döwründe ylmy açyşlary eden, ýaş alymlary kemala getirmäge ýiti zehinini we döredijiligini bagyş eden türkmen alymlarynyň ömür we ylmy, ylmy-mugalymçylyk işleri barada hem gyzykly maglumatlar beýan edilýär. Bularyň hemmesi ösüp gelýän ýäş nesilde bilime we ylyma höwesi, gyzyklanmany döretmekde, olaryň geljekde dürli hünärleri saýlap almaklarynda uly terbiýeçilik ahmiýete eýedigi barada gürrüň edildi.    Çykyşyň dowamynda  şeýle ajaýyp döwri peşgeş beren Milli Liderimiz  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň mundan beýläkde rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Patent-tehniki edebiýatlar bölümi …

Metbugat gullugy