“Pyragynyň arzuwlan zamanasynda Arkadagly Serdar bilen milli medeniýet galkynýar”

Image description

“Pyragynyň arzuwlan zamanasynda Arkadagly Serdar bilen milli medeniýet galkynýar”

 “Magtymguly Pyragy” medeni–seýilgäh toplumynda Köpetdag etrap  häkimligi we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli “Pyragynyň arzuwlan zamanasynda Arkadagly Serdar bilen milli medeniýet galkynýar” atly ýazyjy-şahyrlar bilen wagyz- nesihat medeni çäresi geçirildi. Çärede çykyş eden şahyrlar, kitaphana işgärleri ýurdumyzda giňden bellenilýän bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli dürli ýerlerde döredijilik duşuşyklaryň,maslahatlaryň, ýokary derejede çäreleriň geçirilýändigini, ol ýerde Pyragynyň goşgularyndan ruhlanyp,özleriniň döreden täze şygyrlaryndan okap berýändiklerini buýsanç bilen bellediler we “Magtymguly Pyragy” medeni–seýilgäh toplumyna gezelenç gurnadylar. Geçirilen wagyz–nesihat çäresiniň çäklerinde “Magtymguly-dünýäniň akyldary” ady bilen Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan göçme kitap sergisi gurnaldy. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan eserleri, akyldar şahyrymyz hakdaky birnäçe kitaplar ýerleşdirildi. Bu kitap sergisi  çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

  Wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar bu günki günde beýik akyldaryň arzuwlan bagtyýar zamanasyny türkmen halkyna peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Pyragynyň arzuwlan zamanasynda …

Metbugat gullugy