“Röwşen geljegiň binýady” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy hem-de söhbetdeşlik geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi we Seýrek neşirler bölümi bilen bilelikde “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” adyndaky sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Röwşen geljegiň binýady” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy hem-de söhbetdeşlik geçirildi.

     Dynç alýan çagalaryň arasynda geçirilen bu söhbetdeşlikde kitaphana işgärleri biziň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzy geljekde ösdürjek ýaş nesillerimiz bolan şu günki mekdep okuwçylarynyň watansöýüji, ilhalar häsiýetli adamlar bolup ýetişmegi üçin kitabyň şeýle hem okamaklygyň örän uly peýdasynyň barlygy hakynda öz söhbetlerinde nygtadylar. Biziň şu günki ýaş nesillerimiziň okamaklyga, bilim almaklyga, ýaşlykdan dürli hünärleri öwrenmeklige yhlaslary örän güýçli. Söhbetdeşlikde çykyş eden, goşgy okan çagalar hem munuň şeýlediginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu geçirilen söhbetdeşligiň çäginde göçme kitap  sergisi hem gurnaldy. Bu guralan kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeýle-de  çagalar edebiýatyna degişli ertekileriň  birnäçesi ýerleşdirildi. Bu kitap sergisini görmäge gelen dynç alyş merkezindäki çagalar özlerine gerek soraglaryna jogap tapdylar.

     Söhbetdeşlige gatnaşanlar ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň aman bolmagyny, janlarynyň sag bolmagyny, il – ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini  tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Röwşen geljegiň binýady” …

Metbugat gullugy