Röwşen nurly çagalar

Image description

Röwşen nurly çagalar

   Aşgabat   şäherinde   ýerleşýän  166-njy  çagalar bakja-bagynda “Röwşen nurly çagalar” ady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň işgärleri bilen bilelikde ýaş nesillerimize milli mirasymyza sarpa goýmagy, keşde çekmegi hem-de kitap okamaklary barada söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde kitaphana işgärleri  ýaş nesillerimize çagalyk ýaşyndan başlap, nagyşlaryň manysyna düşünmekligi, reňkleri utgaşdyrmagy we çagalarymyzyň dünýägaraýşyny giňeltmekde kitabyň örän uly orun tutýandygyny düşündirdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän körpe nesliň okap, ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Röwşen nurly çagalar

Metbugat gullugy