“Ruhy gymmatlyklar – Genji hazyna ”- atly kitap sergi

Image description

Ruhy gymmatlyklar – Genji hazyna

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň  Döwlet kitaphanasynyň  Seýrek neşirler bölümi tarapyndan  “Ruhy gymmatlyklar – Genji hazyna ”- atly  kitap sergi gurnaldy.

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda her ýylymyz mynasyp at bilen atlandyrylýar. 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrlan ýylymyzda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň  Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda “Ruhy gymmatlyklar – Genji hazyna”- atly kitap sergi gurnaldy. Türkmen ýaşlarynyň bilimli, ylymly, giň dünýä garaýyşly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak üçin, bölümimizde  saklanyp gelýän has gadymy kitaplary şeýle-de,  žurnallar,  döwürleýin   neşirleri ruhy gymmatlyklary ösüp gelýän ýaş nesillerimize ýetirmek maksady bilen gurnalan kitap sergimizde has irki neşirler boýunça giňişleýin aýdylyp geçildi we bölümiň hünärmenleri bilen şol gymmatlyklary wagyz etmek boýunça özara tejribe alyşyldy.  

       Türkmen  halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe  uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ruhy gymmatlyklar – …

Metbugat gullugy