“Ruhy gymmatlyklarymyzyň hazynasy” ady bilen söhbetdeşlik

Image description

Türkmenistanyş Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda,”Altyn asyr “ teleýaýlymy bilen bilelikde “Ruhy gymmatlyklarymyzyň hazynasy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

     Söhbetdeşlikde çykyş edenler biziň ruhy gymmatlyklarymyzyň genji-hazynasynyň ojagy bolan kitaphanalaryň şu günki döwrebap ösüşi,häzirki wagtda Döwlet derejesinde kitaphana ulgamynyň işine edilýän kömekler şeýle hem Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň düýbiniň  tutulandygy hakynda giňişleýin söhbet etdiler.Olar öz söhbetleriniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Ruhy gymmatlyklarymyzyň hazynasy” …

Metbugat gullugy