Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň kitaphanasy bilen bilelikde “Döwletiň habar beriş strategik gory,çeşmesi hökmünde kitaphanalaryň bitirýän hyzmaty” ady bilen wideokonferensiýa arkaly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitaphana ulgamynyň has kämilleşmegine uly mümkinçilikler döredilýändigi, iki dostlukly ýurduň kitaphana hünärmenleri kitaphana işinde ornaşdyrylan täze tehnologiýalar arkaly milli medeniýetimizi, taryhymyzy geljekki nesillerimize miras galdyrmakda alnyp barylýan işler barada giňişleýin söhbet etdiler. Çykyşyň dowamynda kärdeşler sorag-jogaplaryň üsti bilen tejribe alyşdylar.
Maslahatyň ahyrynda goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlygy ýola goýlup, täze düşünjeleriň ösmegine, dünýägaraýyşlaryň giňelmegine giň mümkinçilikleri döredip beren milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Russiýa Federasiýasynyň Astrahan …