“Sagdyn durmuş-abadan ýaşaýyş” atly wagyz-nesihat çäresi

Image description

“Sagdyn durmuş-abadan ýaşaýyş” atly wagyz-nesihat çäresi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi tarapyndan Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Sagdyn durmuş-abadan ýaşaýyş” ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirildi. Wagyz-nesihat çäresine ak saçly enelerimiz, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň  Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy gatnaşyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň iň uly baýlygy bolan adamlaryň saglygyny goramakda, saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejelere çykarmakda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda, ýaş nesliň sagdyn ösmegi ugrunda mugallymlaryň alyp barýan işleri hakynda täsirli söhbet edildi. Wagyz-nesihat çäresiniň çäklerinde “Saglyk-ömrüň bezegi” atly giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy. Bu kitap sergisi lukmançylyk ugurlary bilen gyzyklanýan okyjylar üçin has hem täsirli boldy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar sagdyn jemgyýeti berkarar etmek ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Sagdyn durmuş-abadan ýaşaýyş” …

Metbugat gullugy