“Sagdyn durmuş-bagtyýar ýaşaýyş” ady bilen wagyz –nesihat çäresi

Image description

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Sagdyn durmuş-bagtyýar ýaşaýyş” ady bilen  wagyz –nesihat çäresi geçirildi

       Wagyz nesihat çäresinde çykyş edenler:  Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ynsan saglygy üçin edilýän beýik işler hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, Aşgabat şäherimizde we her bir welaýatda täze guralan saglyk merkezleri şeýle hem dürli sport desgalary hakynda aýdyp geçdiler.Ýurdumyzda ähli alnyp barylýan işler ynsan saglygy- biziň bagtly durmuşymyzyň girewidir diýip,olar  nygtap geçdiler.

          Wagyz nesihat çäresiniň   ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly  Gahryman  Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak,umumyadamzat bähbitli beýik işleriniň mundan-buýana hem rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Sagdyn durmuş-bagtyýar ýaşaýyş” …

Metbugat gullugy