“Sagdyn durmuş ýörelgämiz”
“Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda tomusky dynç alyşdaky çagalaryň dynç alyşyny gyzykly, täsirli we şadyýan geçirmeklerini gazanmak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hyzmat ediş bölümi, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi, Aşgabat şäher PM-niň Berkararlyk etrap PB-niň KÝÝIBB- niň bilelikde guramagynda Gökderedäki “Altyn damja” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde “Sagdyn durmuş ýörelgämiz” diýen şygar astynda sportuň futbol, woleýbol, uzak aralyga ylgamak, tanap çekmek görnüşleri hem- de asfaldyň ýüzüne surat çekmek hem-de göçme kitap sergisi, sergide goýlan edebiýatlara syn boýunça çäre geçirildi.
Çäräniň dowamynda ýaş nesilleriň bilim- terbiýesi, kitap okamagyň ähmiýeti,milli gymmatlyklarymyza hormat goýmak hem-de watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmek meseleleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Çagalara türkmen halk ertekileri, çagalar edebiýatynyň iň gowy nusgalary tanyşdyrlyp, olarda beýan edilýän dostluk, adamkärçilik, dogruçyllyk we zähmetsöýerlik ýaly asylly häsiýetleriň ähmiýeti düşündirildi. Dag eteginiň ajaýyp tebigatynyň goýnunda geçirilen bu çäre çagalaryň uly gyzyklanmasyna eýe bolup, olaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmaga, boş wagtlaryny peýdaly geçirmäge hem-de ruhy dünýäsini baýlaşdyrmaga ýardam etdi.
Ýurdumyzda ylym-bilime, medeniýete we ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegine döredilýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, Watanymyzda milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Sagdyn durmuş ýörelgämiz”